Türkmençe birzatlar

Rahmanberdi
2 min readJan 28, 2022

--

Adam ömrüniň köp bölegini şu topraklarda şu dilde gürläp, ýazyp, (başga topraklarda bolan wagtynda-da) pikirlenip geçirse-de, biraz wagt soň öz pikirlerini türkmençe ýazmagy özüni gatybir halanmajak ýerine myhmançylyga baran ýaly duýdurjak eken, özem “Haýsy kelle bilen geldim-aý şutak?!” diýdirip biläýjek hilisinden. Çekinýän dogrusy.

Soňky birnäçe ýylda dolulygyna türkmençe pikirlenýän diýip biljek däl. Esasy bölegi iňlisçe bolup galanlary türkmençe-türkçe garyşyk gidýärmi, ýa ýarsyndan biraz köprägi türkmençe bolup galan ýeri iňlisçe doldurýarmy bilemok. Garaz, pikirler tutuşlygyna öz dilimizde däl. (Menem nädip otyrn-aý her diliň ulanylma statistikasyny çykarjak bolup?) Häzir görseň ulanyp oturan sözlerim känbir ýerliklem däldir.

Bilemok, ýöne bir ýerden-ä türkmençe ýazmak geldi içimden. “Meniň bulardan nämäm kem?” ýaly niýetim-ä bolup bilmezmikä diýän, sebäbi bilýän bu üýtgeşik guraly häzire çenli şeýlebir täsirli ulanmadygymy. Aram-aram türkmençe ýazgylara gabat gelýän, ýa öňkülerden okaýan, türkmençe birzatlary beýan edip bilme islegi ýuwaşjadan özüni görkezip gidýär. Şonuň üçin bu ýazgy “Görýäňmi nähili ýazyp bilýän” şeklinde däl-de, “Menem goşulaýyn-da araňyza” niýeti bilen. Iň esasam, nä derejede ýazyp biljegimi test edesim gelýär. Belki birnäçe ýyl soň “Şu sözleri dagam zordan ýazypdyryn-aý” diýerin. Belki “Gaýtam şol wagt ganymat ekenim” diýler, gelip durka ýazaly.

Ýöne bilýäňizmi näme? Şu diliň owadanlygyny görkezmekde kanagatlanarly işler kän döränok. Soňky birnäçe nesil şeýlemikä diýýän. Hem men muny beýleki halklardan öwgi aljak bolup ýa ildeşlerimizi haýrana goýmaly diýip aýdamok. Ol maksat bilen edilen işler netijesiz bolmak bilen galanok, zyýanyny ýetirýär, düşünişmezlik döredýär. Meniň diýýänim şu: meselem men bir gowja döredilen işe gabat gelsem, diýýän “Eý, şu türkmençe eserlerem köpräk okamal-aý,” soňra geçen asyrda ýazylan kitaplary görüşdirýän, soraşdyrýan, ýükläp alýan. Ýöne ol gyzyklanma uzaga çekenok. Şu dil bilen garşylykly söýgi uzaga çekenok mende. Döwürleýin bolýar. Umumy ýaşaýyş jaýynda bir gatda ýaşabam, köplenç diňe salamlaşmak bilen çäklenip, aram-aram bardygyňy bildirip durup, täzeden gürleşip başlanlarynda-da gürrüňe doýman, gije-gündiz ýazyşyp, hemme işlerini goýup bile ýöremäge gidýän talyp söýgülileri göz öňüne getiriň, ana, şolar ýaly. Aýdyşym ýaly, mesele hem şol. Meniň içim rahat däl şeýle bolmagyna. Bu dili ýakyn görmän bilemok özüme. Hakykatdanam ýakyn bolan biri bilenem beýle gatnaşygyň bolmagy utanç berýär. Şonda-da, näme etjek bu dili durmuşyňa has-da ornaşdyrmak üçin diýip sora, bilemok jogabyny. Has dogrusy, şeýle ileri tutamok öýdýän, diýýänem welin. Häzir iş diýerin, dokumentariýa görjek diýerin, amerikan rap jemgyýetindäki täzeliklerini sypdyrasym gelenok, bu albomy çykan güni diňlemesem bolmaýar diýerin, galar. Şu 400 töweregi sözi ýazmak bilen näçe wagt kanagatlanyp gezjege meňzeýän. Şonuň üçin, mydama diýşimiz ýaly, saglyk bolsun. (Ýöne galan zadyň birzady bolarmy, bilemok.)

--

--