Jumalar mübärek bolsun, Winston!

Rahmanberdi
2 min readMay 12, 2022

--

Koroçe, şu gün du:tdym, bilýäňmi, kişňeme sesleri eşidilýän ýaly bolly. Soň gözzäp görsem, çyndanam, atla du, hersi bir gapdalymda. Ozalam bir urgy ýaly birzatlar duýup ýötdüm men synamda, ýöne onçakly-da bolmalymyka diýýätdim-da. Biraz wagt soň hakgaýt defişip başladylar-o! (Alright, Balkan şiwäni şutaýda goýaýjak, kän zat edip oturma:ly gowsy.) Indi men eşekmi? Biz eşek bolýasmy? Eger şeýle bolsa soňumyz belli. Şuwagtam ýagdaý gowy däl dogrusy, sesimem barýarmy size, bilemok.

Bu atlaryň häsiýet-ä köpe mälim. Aslynda herkime diýesim gelýär, ýöne, gynansak-da, şeýle akyl almaz derejede kör bolmagyň mümkindigini görkezýän barlyklar hem ýok däl. Gaýta-gaýta haýran galdyrýarlar. Ýöne häzir munuň üstünde durmak manysyz bolar sebäbi mysal getirip biljek birnäçe wakalaryňyz bardyr özüňiziň. Öz aladamyzy bir edip ýetişeli entek. Ýowuz atlar-ow bular! Belki gijem ga:landyrys.

Mesele şu: onsuzam depişmeleriň tempi peselmejek bolsa, üstli-üstüne aradanam isleýşimiz ýaly çekilip bilmejek bolsak, nämüçin razy bolaýamzok ykbalymyza? Yhlas bilen, güýjümizi toplap aradan aýrylamyzda-da bir ýerlerimiziň ganajakdygyna gözümiz ýetip du:r. Bu toýnagyňy bölek-bölek edip ýoluň ortarasyna zyňaýynlaram durmaýar, özüni aldaýanlardan bolma:lydaý. Näme etsek bolar? Asyl bir zat edip bolarmy? Biderek bolaýmasyn soň umyt edenimiz?!

Gönimden geljek; köplenç, soraglarymyzyň jogaby, meselelerimiziň çözgüdi we köşklerimiziň binýady içgysgynç, ujypsyz, garaşylýan ýa adaty zatlar bilen baglanyşykly bolýar. Bagt? Kanagatly bol, eliňdäkiň gadryny bil, gowy gatnaşyklaryň bolsun… Saglyk? Dogry iýmitlen, hereketde bol, ýeterlik uky al… Iş? Okuw? Dowamly öwren, praktika et, energiýaňy hem wagtyňy dogry ulan. Kiçiligimizden bäri gulagymyza kakýan sözler şular, ýadatýaram käwagt. Indi menem şol görnüş bir pikir bilen soňlarynlaý makalamy, hä? Müňýyllyklaryň dowamynda ýaşap geçen adamlaryňkydan has başga idea ýokdur-a mende?

Hawa, birnäçe günläp darykdym, aladalandym, pikirlendim; şu sözleme meňzeşräk bir zatdan gowy netijä gelip bilmedim: “Allah is the best of planners.”

Indi şu barada birki agyz söz aýtmaga maý beriň maňa, ýogsa garaz, näme diýjegini bilmän bir zatlar diýip goýberen ýaly görünýär.

Aýda-aýda adatylaşdyrylany üçinem bu barada durup pikirlenibem oturmaýas. Juda ýönekeý sözlem bolany üçin terjimesini ýanyna ýazmadymam. Kime özüne çekiji gelýär Ýaradanyň şo-ol gaýtalanyp ýörülýän sypatlary barada öwran-öwran oýa batyp gezmek? Pikirlenerlik näme bar diýsene, düşnükl-ä hemme zat. Ýa köpçülikde oturyp şo temada söhbet etjekmi? Düýbüne çümerlik zat ýog-a, gönümel, a:ýdyň dälmi hemme zat? Hudaý gowusyny bilýändir diýýäň-de çekilýäň gapdala.

Dogry welin, gyzykly ýeri “gapdala çekilmekde.” Biz şol ýagdaýda hiç zat etmeli däl ýaly görýäs, ýagny, Hudaý-a meseleleriňi egniňdäki kurtkaňy, şapkaňy, soňam şarfyňy çykaran ýaly çözüp goýberýär, senem dursuň hereketsiz. Ol diňe kinoň “şondan soň olar bile bagtly durmuş ýaşapdyrlar” sahnasyny görmek bolýar. Ilki iň gowusyny diňe Onuň bilýändigine şübhäň bolmaly däl. Gorkyň, Onuň gözünden düşmek gorkusyndan has uly bolmaly däl. Şol zatlar bilen birlikde-de duşuşmaga barylmaly.

Biz adamlaram birtüýsl-aý hä? Adaty däl zatlary görjek-ýaşajak bolsaň Adaty Bolmaýanyň ýanyna bar diýsene. Galanynam menden gowy bilýänsiňiz-le.

--

--